Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary:
- Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň. Çig we taýýar iýmit üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň!
- Eti we ýumurtgany doly taýýar bolýança, gowy edip bişiriň!
- Çig eti dogramagyň we taýýar iýmit bilen işleýän wagtyňyzyň arasynda elleriňizi ýuwup duruň!
- Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň. Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň. Jemgyýetçilik ýerlerinde ýere tüýkürmäň!
- Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!
- Eger siz näsaglamankaňyz haýsydyr bir ýurtlara gidip-gelen bolsaňyz, bu barada lukmana aýdyň!
- Elleriňizi ýuwuň. Eller gaty hapa bolan ýagdaýynda, olary sabyn bilen akar suwuň aşagynda ýuwuň!
- Elleriňiz o diýen hapa bolmadyk ýagdaýynda bolsa-da, olarda göze görünmeýän kesel döredijiler köp mukdarda bolmagy mümkin, şol sebäpli dürli zyýansyzlandyryş erginleri bilen tämizläň ýa-da sabynlap, suw bilen ýuwuň!
- Asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňizi epip ýa-da desmal bilen ýapyň. Desmaly şol bada taşlaň we elleriňizi ýuwuň!
- Gyzgyny ýokary ýa-da üsgürýän adamlar bilen ýakyn galtaşykda bolmakdan saklanyň!
- Ýabany ýa-da oba hojalyk haýwanlary bilen goralmadyk galtaşyklardan saklanyň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.