Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson çaga doglandan soň enelik rugsadyny almagy meýilleşdirýär diýip, “The Guardian” gazeti habar berýär. Syýasatçy öten hepde häzirki söýgülisi Karri Symonds bilen goş birikdirjekdiklerini hem-de tomsuň başynda maşgalanyň köpelmegine garaşýandyklaryny mälim etdi.
Neşiriň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni geçirilen metbugat konferensiýasynda Jonson çaganyň dünýä inmegi bilen bagly soraglara jogap berip, kanun tarapyndan bellenen iki hepdelik enelik rugsadyny almak isleýändigini aýtdy. Jonson işe çykýança, baş döwlet wezipesinde onuň işlerini wagtlaýynça Daşary işler ministri Dominik Raab ýerine ýetirer.
Patyşalygyň kanunlaryna laýyklykda, çaganyň dünýä inmeginden başlap iki hepdäniň dowamynda çaganyň kakasy enelik rugsadyny alyp bilýär. Ýöne dynç alyş çaganyň doglanyna 56 gün dolmanka gutarmaly. Angliýadaky aýal-gyzlaryň bolsa has köp tölenýän 52 hepdelik dekrete çykmaga hukugy bardyr.