Düýn agsam UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary bolup geçdi. Netijede, çärýek finala Germaniýanyň we Italiýanyň toparlary çykdy. Angliýanyň we Ispaniýanyň degişli toparlary bu turnir bilen hoşlaşdy.

WALENSIÝA 3-4 ATALANTA

Ilkinji oýunda hem 4 goly Walensiýanyň derwezesinden geçirmegi başaran Atalanta, şol üstünligini bu gezek hem gaýtalamagy başardy. Ýöne Walensiýa bu gezek 1 gol bilen däl-de, 3 gol bilen jogap berip bildi. Atalantanyň hüjümçisi Iliçiç bu oýunda 4 goly öz adyna ýazdyryp, garaşylmadyk netijäni görkezdi. Umumy hasap boýunça 8-4 bolup, Atalanta çärýek finala öz adyny ýazdyran tarap boldy.

LEÝPZIG 3-0 TOTTENHAM

Çempionlar ligasyna taryhynda ikinji gezek gatnaşýan Leýpzig, bu gezek klub derejesinde şahsy rekordyny goýmagy başardy.  Ilkinji oýunda Werneriň ýeke-täk goly bilen Tottenhamy Londonda 1-0 hasaby bilen ýeňen 32 ýaşly tälimçi Ýulian Nagelsmanyň topary iňlis garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy. Toparyň kapitany Sabitser 10-njy we 21-nji minutda we oýna ätiýaçdan giren Forsberg 87-nji minutda tapawutlanmagy başardy. Jose Mourinýonyň şägirtleri bu gezegem çäresiz galdy.

Şu gün agşam Çempionlar ligasynda ýene iki oýun oýnalar. Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlajak oýunlarda Fransiýanyň PSJ-sy nemes kluby Borussiýa Dortmundy (ilkinji oýun 1:2), Angliýanyň Liwerpuly madridiň Atletikosyny  (ilkinji oýun 0:1) kabul eder.

«Newashgabat».