Şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen, emma wagty yza süýşürilen Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň senesi belli boldy. Bu hakynda “Futbolium” telegram ýaýlymy habar berýär.

Aziýa futbol federasiýasiýasy çempionatyň geçirilmeli senesini 5–16-njy awgust diýip kesgitledi. Bu yklym çempionaty arkaly 12-nji sentýabr – 4-nji oktýabr günleri Litwada geçiriljek Futzal boýunça dünýä çempionatyna Aziýadan gatnaşjak 5 sany milli ýygyndy belli bolar.

 

«Newashgabat».