Şu gün Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy we tehnologiýa boýunça geňeşçisi Bill Geýtsiň haýyr-sahawat işlerine has köp wagt sarp etmek üçin kompaniýanyň direktorlar geňeşinden aýrylýar – diýip, Sputnik saýty kompaniýanyň beýannamasyna esaslanyp habar berdi.
Habar berlişine görä, Geýts global saglyk, ösüş, bilim ýaly ugurlarda haýyr-sahawat etmek bilen meşgullanmak isleýär. Şeýle hem, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin oňa wagt gerek bolýandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa Geýtsiň baş direktoryň tehnologiýa boýunça geňeşçisi bolup işlemegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

RU












