Paleontologlar şu wagta çenli mälim bolan dinozawrlaryň iň kiçisiniň üstünden bardylar – onuň ululygy iň kiçi guş hasaplanýan kalibriden hem kiçi. Hytaý Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň “Tebigat” žurnalynda çap edilen işine görä, Oculudentavis khaungraae-niň galyndylary takmynan 99 million ýaşly Birma ýantaryndan tapyldy.
Alymlara iri haýwanlaryň galyndylaryny anyklamak has gowy başardýar. Sebäbi olaryň iri we berk süňkleri ownuk haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň galyndylaryna seredeniňde, has gowy saklanýar. Şeýle-de bolsa, kadadan çykma ýagdaýlar hem bolup bilýär – käbir gadymy haýwanlar pürli hwoýa agaçlarynyň şepbiginden emele gelen ýantarda doňup galýarlar.
Ylma mälim bolan iň uly ýantar ýataklaryndan biri Mýanmaryň demirgazygynda ýerleşýär – onda alnan nusgalaryň ýaşy 99 million ýyldan hem gowrak. Gözlegçilere bu ýerdäki ýantarlaryň birinde guşjagazyňka meňzeýän kelleçanagy tapmagy başardylar.
Derňewler tapyndynyň guşa däl-de, iň kiçi dinozawra degişlidigini ýüze çykardy. Kompýuter tomografiýasy we modelirleme işi onuň daşky görnüşini kesgitlemäge kömek etdi - haýwanyň kellesiniň uzynlygy bary-ýogy 7,1 mm, tumşugy bilen kelläniň uzynlygynyň bolsa 2 sm-den azdygy anyklanyldy. Onuň çüňküniň içinde – her tarapynda 30 töweregi ýiti dişler bar. Gözleri ýeterlik derejede uly, ýöne gabaklar kän açylmandyr. Alymlar muny olaryň gündizki durmuşy bilen baglanyşdyrýarlar.

RU



