Ultrases tolkunlaryny gowşatmaga ukyply täze material Braziliýanyň Para
Federal uniwersitetiniň alymlary tarapyndan ýasaldy diýip, 17-nji martda phys.org
ylym we habar web sahypasy habar berdi.
Ultrases tolkunlaryny adamyň eşidiş agzalary eşidip bilmeýär. Şeýle-de bolsa,
olary beden üçin ýakymsyz hasaplap bolar. Käbir gözlegler ýokary ýygylykly
tolkunlaryň adamda baş aýlanma, kelle agyry, ýürek bulanma ýaly netijeleri
döredip biljekdigini görkezýär. Ultrases tolkunlarynyň gulaga eşidilmeýänligi
sebäpli, howply ýagdaýda adam zyýanyň öňüni alyp ýa-da özüni gorap bilmez.
Şonuň üçin ultrases barlagynyň adam bedenine täsiri babatdaky gözlegler entegem
derwaýyslygyna galýar.
Bu babatda ultrases tolkunlaryny özüne siňdirýän ýa-da geçirmeýän material
peýdaly bolup biler. Alymlaryň bir topary şeýle materialy işläp-taýýarlamak
ugrunda iş alyp bardylar. Material kompýuter modelirlemesi arkaly döredildi.
Fizika ylymlarynyň professory Silweir Maçadonyň pikiriçe, bu gurluşyň
artykmaçlygy onuň sadalygynda. “Bu oýlap tapyş uly bolmadyk çykdajy we
sähelçe hyzmat bilen ýönekeý gurluşyň prototipini döretmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, onuň konfigurasiýasy gabaranyň ulu-kiçiligine laýyklykda üçin
ulaldylyp we uýgunlaşdyrylyp bilner" – diýip, professor belleýär.