27-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.
Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygyny, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny hem-de köpugurly işinde üstünlikleriň hemra bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, aýat-töwir okady.
Şol gün Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde milli Liderimize Mekgeden ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtük goýuldy.
Bu ýerde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu mukaddeslik ähli sebitleriň ilatynyň tagzym etmegi üçin ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýulýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsi we Daşoguz welaýatynyň baş metjidiniň ymamy bilen bilelikde metjidi synlap, onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarly bolmak bilen, ruhy mukaddesliklere aýratyn sarpa goýýar. Bu asylly däpler häzir hem mynasyp dowam etdirilýär.
Milli Liderimiz metjitden çykyp, sadaka bermek üçin niýetlenen bina bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan, Türkmenistana, onuň gadymy we şu günki taryhyna, baý medeni mirasyna, mähriban topragymyzyň tebigatyna bagyşlanan ajaýyp eserlerinden düşen galamhakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi.
Metjidiň binasy türkmen milli binagärliginiň iň gowy däpleriniň esasynda, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary, täsin binagärlik we bezeg çözgütlerini ulanmak arkaly guruldy. Metjidiň içki bezeginde sebitiň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň bezegine çalymdaş nagyşlar ulanyldy. Metjidiň içki otaglary keramatly Gurhandan süreler bilen bezeldi. Binanyň aşaky bölegi granit bilen örtüldi.
Metjidiň merkezi gümmeziniň diametri 38 metre, beýikligi 40 metre, dört minaranyň her biriniň beýikligi bolsa 63 metre barabardyr. Bu metjitde bir wagtda 3000 adam namaz okap bilýär. Onuň ýokarky gaty zenanlar üçin niýetlenendir. Metjidiň gümmezleriniň hem-de minaralaryň üsti örtülende, ähli howa şertlerine — tomsuň jöwzasyna hem-de gyşyň aýazyna durnukly döwrebap serişdeler ulanyldy. 60 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen toplumyň çäginde 1500 orunlyk sadaka berilýän bina, degişli kömekçi desgalar we beýlekiler bar. Bu ýerdäki üç gatly myhmanhanada myhmanlaryň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Bu myhmanhana bir wagtyň özünde 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir.