27-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň wekilleri bilen duşuşandygyny, olaryň many-mazmuna baý bolan gürrüňdeşlikleriň dowamynda öz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berendiklerini habar berdi.
Milli Liderimiz bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, olaryň Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda ileri tutulýan meseleleriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

RU



