Asteriks we Obeliks hakdaky komiksiň awtorlarynyň biri Alber Uderzo Neuilly-sur-Seýn şäherindäki öýünde aradan çykdy. Bu barada M6 telekanalyna salgylanyp, Sputnik habar berýär.
Uderzo 93 ýaşyndady. Soňky döwürler ol saglyk ýagdaýyndan we ýadawlykdan zeýrenýän eken. Dünýäni sarsdyran koronowirus pandemiýasynyň dile düşen häzirki döwründe adamlaryň köpüsi hudožnigiň ölümi COVID-19 bilen baglanyşykly dälmikä diýip pikir etdiler. Emma lukmanlar onuň ýürek keselinden aradan çykandygyny mälim etdiler.
“Asteriks” komiksi ilkinji gezek 1959-njy ýylda “Pilote” žurnalynda çap edilipdi. Komiksiň suratlaryny Uderzo çekdi, muňa garamazdan, komiksiň sýužetiniň awtory Rene Gosinny boldy. 1977-nji ýylda Gosinny ölenden soň, Uderzo komiksi özbaşdak çykardy.
Uderzonyň kitaplary we komiks ýygyndylary 100-den gowrak dürli dile (şol sanda latyn we gadymy grek diline) terjime edildi. “Asteriks” Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde, şeýle hem Kanadada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada, Hindistanda, Indoneziýada, Singapurda, Keniýada, Günorta Afrikada, Braziliýada, Argentinada, Urugwaýda we Kolumbiýada meşhurdyr.
Komiks esasynda dokuz sany multfilm we dört komediýa görnüşli çeper film surata düşürildi. Filmde Asteriksiň keşbini Kristian Klawier, onuň dosty Obeliksiň keşbini bolsa Gerard Depardieu janlandyrdylar.

RU



