Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň web-saýtynyň  habar berşi ýaly, harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek, ýagny, ýaz möwsüminde – 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de güýz möwsüminde – 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň «Harby gulluk we harby borçlulyk hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, harby gulluga 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar çagyrylýar.

Harby gulluga ugradyljak ýigitler bilen etrap hem-de şäher harby wekilliklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Raýatyň harby wekillikden harby bölüme ugradylan gününden harby gulluk başlanýar.

Esgerler öz ukyp-başarnyklaryna we raýat hünärlerine görä, harby bölümlere paýlanýarlar. Harby gullukda olara harby hünärler bilen birlikde, häzirki zaman harby tehnikalaryny dolandyrmak hem öwredilýär.