Jübi telefonlary aragatnaşyk enjamlary bolmak bilen çäklenmän, adamyň ulanýan esasy esbaplarynyň birine öwrüldi.
Indi diňe bir telefonyň gurluş aýratynlyklaryna däl, eýsem dizaýn aýratynlyklaryna-da köp üns berilýär. Ine, dünýäniň iň gymmat telefony: Dünýädäki iň gymmat telefonlar, dizaýny we apparat aýratynlyklary bilen gaty güýçli telefonlar diýip pikir edýärsiňizmi?
«FALCON Supernowa iPhone 6 Pink Diamond»
Dünýäniň iň gymmat telefony hökmünde tanalýan “Falcon Supernova iPhone 6 Pink Diamond” eýesine takmynan 48,5 million dollar sarp etdirdi. Enjam 24 karat altyndan ýasalyp, arka tarapy ullakan gülgüne göwher bilen bezelendir. Şeýle hem, telefon platina örtük we haker üçin ýörite gorag programmasy bilen üpjün edilýär. Bu enjam, häzirki wagtda Aziýanyň iň baý adamy, hindi telekeçisi Mukeş Ambaniniň aýaly Nita Ambaniniň gymmatly emlägidir. Dürli markalar henizem şeýle enjamlary öndürmegi dowam etdirseler-de, beýle gymmat model entek iPhone 11 ýa-da beýleki meşhur akylly enjamlar bilen hödürlenmedi.
«Newashgabat».