Braziliýaly futbolçy Ronaldinýo Paragwaý Asuncion tussaghanasyndan boşadyldy diýip, Futbol Espana habar berýär. Ozal habar berşimiz ýaly, rowaýaty futbolçy we onuň dogany galp resminamalar bilen Paragwaýa girmäge synanyşanlarynda tussag edilipdi.
Ronaldinýo tussaglykda 32 gün boldy. Onuň bilen birlikde onuň dogany hem azatlyga çykaryldy. Häzir olar şäherdäki myhmanhanalaryň birinde polisiýanyň gözegçiliginde öý tussaglygynda saklanylýar. Olar jemi 1,6 million dollar, ýagny hersi üçin 800 müň girew goýlandan soň boşadyldy.
Ronaldinýo bu ýere mart aýynyň başynda dogany Roberto de Assis Moreira bilen öz kitabyny tanyşdyrmak we haýyr-sahawat üýşmeleňine gatnaşmak üçin gelipdi. Ýöne olaryň ýerleşen myhmanhanasynda polisiýa gözleg geçirende galp pasportlar bilen saklanypdy. Netijede, Braziliýanyň milli futbol toparynyň öňki ýyldyzy 40 ýaşyny tussaghanada bellemeli boldy.
Ronaldinýo tussaglykdan boşadyldy
