Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň baş direktory hanym Monik Elua bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda bu ulgamda ylmy maglumatlary alyşmak, weterinar gullugynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça pikir alyşmalary guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň arasynda Atlaryň keselden azat zolagyny döretmek hem-de atşynaslygy ösdürmek boýunça tehniki ýardam bermek hakynda 2016-njy ýylda baglaşylan Ylalaşygy durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugynyň oba hojalyk we ýabany haýwanlaryň, guşlaryň saglygyny goramakda, olaryň dürli keselleriniň öňüni almakda, maldarçylyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmakda we howpsuzlygyny üpjün etmekde eýeleýän orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň hünärmenleriniň bu Bütindünýä guramasynyň bilermenleri bilen geçirýän işlerine üns berildi.