Ýaponiýada krokodil Gena we Çeburaşkanyň tanyşlygy hakda gürrüň berýän “Çeburaşka: Men dost tapyndym” atly ilkinji gysga göwrümli 3D multfilmi çykaryldy.
Multfilm Çeburaşka hakda ýapon gurjak seriýalynyň çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli YouTube-da paýlaşyldy. Täze multfilm hekaýanyň başlangyjy boldy, ýagny onuň sýujetiniň merkezinde Gena bilen Çeburaşkanyň ilkinji tanyşlygy orun alypdyr.
Multfilm 5 minutdan hem az wagt dowam edýär. Krokodil Gena Takahiro Sakurai, Çeburaşka bolsa Rie Kugimiýa ses berdi. Myş-myşlara görä, bu gysga göwrümli multfilmiň döredijileri birnäçe ýyldan soň Çeburaşka we Gen hakda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýärler.