95 ýaşly Doýçyň ölüminiň sebäbi häzirlikçe belli däl. Ol 17-nji aprel gijesinde aradan çykdy. Režissýor ömrüniň soňky minutlaryny Pragadaky kwartirasynda geçirdi. Bu barada onuň metbugat wekili Piter Himmeliň sözlerine salgylanyp, “Associated Press” salgy berdi.
Gen Doýçyň Tom we Jerri animasiýa teleserialynyň on üç bölümine režissýorlyk edendigini, şeýle hem “Papai Sailor” animasion seriýasynda işländigini bellemek gerek. Bulardan başga-da, ol “Munroe” we “Nudnik” animasion filmlerini, şeýle hem “Tom Terrific” animasion seriýasyny döretdi. 1960-njy ýylda ol “Munro” üçin Oskat baýragyny alypdy.