Waşington Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen gatnaşyklary doly derejede bes etmekçi bolýar, çünki guramanyň ýolbaşçylygy ABŞ-nyň hökümetiniň talap eden özgertmelerini geçirmekden ýüz öwürdi. Bu barada amerikan prezidenti Donald Tramp habar berdi, muny tass.ru belläp geçýär.
Amerikan lideriniň aýtmagyna görä, Waşington öň BSGG-de ABŞ tarapyndan ýetirilýän ýylda $450 mln möçberdäki serişdeleri saklamak üçin “haýsy reformalary geçirmelidigini” habar etdi. “Ýöne olar muny etmekden boýun gaçyrdylar. Olaryň talap edilýän reformalary amala aşyrmakdan boýun gaçyrandyklary sebäpli, biz şu gün BSGG bilen ähli gatnaşyklary bes edýäris we bu serişdeleri dünýäde saglygy goraýşa degişli bolan beýleki gyssagly we möhüm zerurlyklara gönükdirýäris” – diýip, Tramp aýdýar.
Tramp Hytaýyň BSGG-ni doly derejede gözegçilikde saklaýandygyny aýtmak bilen, ýene bir gezek çykyş etdi. ABŞ-nyň prezidentiniň pikiriçe, HHR-iň hökümeti we BSGG-niň ýolbaşçylygy täze koronawirus ýaýrawy bilen baglylykda degişli çäreleri kabul etmedi.
18-nji maýda Tramp özüniň Twitterinde BSGG-niň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesusa iberen hatyny neşir etdi. Resminamada ABŞ-nyň reformalaryň geçirilmegini kepillendirmek üçin gurama 30 gün bermäge taýýardygy bellenilýär. Hatda BSGG-niň Hytaýyň hökümetinden daşlaşmalydygy hem bellenilýär. Waşington şeýle edilmese BSGG-ni maliýeleşdirmesini bes etjekdigini we oňa öz agzalygyny göz öňünde tutjakdygyny hem duýdurdy.
BSGG-niň býujeti gatnaşyjy-ýurtlaryň geçirýän hökmany töleglerinden we meýletin goşundylardan ybarat. Ony iki ýyllyk möhlet bilen tassyklaýarlar, 2020-2021-nji ýyllarda ol $5,8 milliarda barabar bolar ($956,9 mln – hökmany we $4,8 mlrd – meýletin). ABŞ iň köp töleg geçiriji, oňa tölegiň 22%-i degişli, ikinji ýerde Hytaý (12%) durýar.
29-njy maýda ABŞ-nyň HHR-iň alymlarynyň ýurda goýberilmegini çäklendirendigi hem belli boldy. Waşington Pekini hytaý aspirantlarynyň we ylymlar doktarlarynyň Ştata öwrenmek hem-de derňew geçirmek üçin gelmek bilen amerikan tehnologiýalaryny we intellektual emlägi ogurlamakda aýyplaýar.