Russiýanyň Ýamal-Nenesk awtonom okrugynyň merkezi Salehard şäherinde tomus möwsüminiň ilkinji gününde gar ýagdy. 1-nji iýun senesinde beýle geň tebigy howa ýagdaýynyň bolandygy hakyndaky maglumaty bu okrugyň gidrometeorologiýa we daşky gurşawy monitoring etmek merkeziniň müdüri Artýom Koşkingiň sözlerine esaslanyp RIA Nowosti habar berýär. Bu babatda ýörite hünärmen “Gar ýagdy, ýöne ol derrew eräp gitdi. Soňky ýyllarda tomus biziň ülkämizde ine şunuň ýaly başlanýar” diýýär. Onuň pikirine görä, bu ýylky tomus öňkülere garanda ýylyrak bolar. “Tomusda Russiýanyň käbir çäkleri, onda-da Ýewropa böleginde ortaça tempratura adatdakylaryndan artmagy mümkin” diýip ol sözlerine goşmaça girizýär.
Täsin ýeri, Ýamal paýtagtyna indi üç ýyldan bäri tomsuň birinji hepdeliginde gar ýagýar. Belläp geçsek, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda hem bu ýerde edil şu howa ýagdaýy bellige alnypdy.