Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine, köpýyllyk haşal otlaryna garşy göreşmekde, gowaçanyň ýapragyny düşürmekde hem-de 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, karantin we galla ammarlarynyň zyýankeşlerine garşy göreş çärelerini geçirmekde, şeýle hem ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmekde zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek üçin ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen kabul edildi.