Taýland döwletiniň Wezirler Geňeşi koronowirus pandemiýasyndan zelel çeken ykdysadyýeti goldamak maksady bilen ýurduň eldegrilmesiz mülk salgydyny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 90% çenli gysgaltmaga karar kabul etdi. Bu barada hökümet saýtynda berlen press-relizde mälim edilýär.  “Sişenbe güni bolup geçen ýygnakda Wezirler Geňeşiniň 2019-njy ýylda ýola goýan gozgalmaýan emläk (ýer we öý-jaý) salgydyny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 90%-e çenli kemeltmek dogrusynda karar kabul edildi. Mundan başga-da, fewraldan maý aýyna çenli bolan wagt aralygynda galdyrylan düşewüntler salgydy boýunça arza bermek wagty iki aýa çenli, ýagny, 2020-nji ýylyň awgustyna çenli yza süýşüriler” diýlip habar berilýär.

Aýdylmagyna görä, hökümet pandemiýadan ezýet çekýän fiziki we ýuridiki şahslara hem-de ykdysadyýeti gowulandyrmaga gönükdirilen birnäçe çäreleri amala aşyrmak üçin köpsanly kararlary kabul edýär. Hususanda, geçen hepde parlamentiň aşaky palatasynda ykdysadyýeti gowulandyrmak üçin, adatdan daşary işler dogrusynda üç sany kanun rejesi makullandy we şu maksatlarda jemi 58 milliard dollar býujetden bölünip aýryldy.

Hökümet tarapyndan makullanan birinji kanun göz öňünde tutmagyna görä  ýuridiki we fiziki şahslara ýardam bermek hem-de ykdysadyýeti gowulandyrmak maksady bilen 34,9 milliard dollardan inwestisiýa girizildi. Ikinji kanun rejesi bolsa kiçi we orta telekeçilere pes göterimli karzlary bermek üçin 15,8 milliard dollardan artyk býudjet serişdelerini gönükdirmek, üçinji kanun rejesi bolsa döwlet maliýe ulgamyny kadalaşdyrmak, Taýlandyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly býudjet serişdelerini gönükdirmek üçin kabul edildi.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby