Italiýanyň Futbol federasiýasy (FIGC) 2019/20-nji ýylky möwsüm ahyryna çenli milli çempionat oýunlarynda toparlara üç sany oýunçy däl-de eýsem, 5 sany oýunçy çalyşmak üçin rugsat berdi. Bu barada guramanyň resmi saýty habar ýaýratdy. Bu karar futbolçylaryň möwsümi dowam etdirmäge doly dikelip ýetişmändikleri hem-de olara koronawirus keselinden zelel ýetmekden goramak maksady bilen kabul edildi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan Italiýa çempionatynyň – A seriýa ýaryşlary 20-nji iýundan ýene dowam etdiriler. 26-njy turdan soň turnir jedwelinde Turiniň “Ýuwentus” kluby 63 utuk bilen öňdeligi eýeledi. Ikinji basgançagy bolsa 62 utuk bilen eýelemegi Rimiň “Latsio” topary başardy.
Maglumat hökmünde belläp geçsek:
20-nji iýun güni 26-njy oýnuň çäginde Turinde “Torina”-“Parma”, “Werona”-“Kalýari” toparlary arasynda duşuşyklar bolar.
21-nji iýun güni bolsa “Atlanta”-“Sassuola”, “Inter”-“Sampdoriýa” toparlarynyň ýaryşlary geçiriler.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby