Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) administratorynyň orunbasary we BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň direktory hanym Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Sebit we tutuş dünýä üçin COVID-19 pandemiýasynyň täsiri hem-de ony aradan aýyrmak boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç keseline taýýarlygyny üpjün etmek baradaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri barada pikir alşyp, bu ugurda görülýän tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de BMGÖM bilen degişli hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdylar.