Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn görnüşde geçirildi. Foruma gatnaşyjy köp sanly daşary ýurtlular oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy.

Şu forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň, işläp taýýarlamalaryň hem-de täze tehnologiýalary ulanmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar bilen bag-lanyşykly meseleler girizildi.

Umumy mejlisiň barşynda Ýewropanyň we Aziýanyň meşhur ylmy merkezleriniň we-killeri wideoaragatnaşyk arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Georgiý Kwesitadze, Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, ylymlaryň doktory Murat Jumataýew, Belarus Milli Ylymlar akademiýasyn-yň prezidiumynyň başlygynyň birinji orunbasary Sergeý Çižik, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň akademigi, birinji wise-prezidenti Ibragim Saýyd ogly Gu-liýew, Latwiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Andres Krasnikows, Tokio uniwersitetiniň professory Hideomi Koinuma we beýlekiler bar.

Çykyş edenler wekilçilik edýän ylmy guramalarynda geçirilýän barlaglaryň esasy ugur-lary barada gürrüň berdiler, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, sebitde we tutuş dünýäde ileri tutulýan ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin umumy akademiki binýady hem-de ulgamlaýyn hyzmatlary kemala getirmek babatda hyzmatdaşlygyň geljegi barada garaýyşlaryny beýan etdiler.