Awstraliýanyň Murçison obserwatoriýasyna dünýädäki iň uly radioteleskop ornaşdyrylar. Bu işi amala aşyrmak üçin zerur bolan gurluşyk meýdançasy eýýämden taýýar. Bu barada Halkara Radioastronomik gözlegler merkeziniň (ICRAR) metbugat gullugy habar berýär.

Maglumatlara görä, 2027-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýän SKA (Square Kilometr Array) obserwatoriýasy bir kwadrat kilometr meýdana eýe bolan antenna birleşdirilen üç müň “tarelkadan” ybarat bolar.

Astronomlar bu ulgam kosmasyň ilkinji ýyldyzlaryny “öwrenmäge”, gara girdaplaryň syryny açmaga we tiz ýaýraýan radiotolkunlaryň sebäplerini anyklamaga mümkinçilik bermegine umyt edýärler.

Bellenilmegine görä, bu taslamanyň çäginde meýilleşdirilýän ýene bir uly teleskop Günorta Afrikada ýerleşýär. “MeerKAT” diýlip atlandyrylan obýektiň gurluşygy iki ýyl öň tamamlanypdy.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby