ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp eger şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda utuş gazanyp bilmese, öz ýeňlişini boýun alyp, häkimiýetden ýüz öwürjekdigini, Birleşen Ştatlaryň häkimiýet güýjüni özünde galdyrmaga çalyşmajakdygyny aýan etdi. Bu hakynda ol 12-nji iýun güni Fox News telekanalyna beren interwýusynda mälim etdi.
Bu barada Trampyň öz sözlerine esaslansak, “Elbetde, eger men ýeňiş gazanmasam, özümiň başga işlerim bilen meşgullanaryn” diýýär. Şeýle-de, onuň saýlawlarda ýeňilmegi, Demokratik partiýanyň ýeňmegi bolsa, döwlet üçin “juda aýançly” boljakdygyny nygtady. ABŞ-nyň hökümet ýolbaşçysy Baýdeniň Tramp ýeňilse, ol saýlaw netijelerini “ogurlamaga” hereket etmäge eder diýýän gürrüňlerine hem mynasybet bildirdi. Mundan başga-da, Baýden Trampy Ak öýden harbylaryň kömegi bilen çykarmaly bolar diýip pikir edipdi.
Ýatladyp geçsek, ABŞ prezidentligine saýlawlar 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriler. Saýlawlarda häzirki wagtdaky prezident Donald Trampa ýekeje bäsdeş Demokratlar partiýasyndan bolan 77 ýaşly Jo Baýdendir.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby