V Yslam raýdaşlyk oýunlary 2021-nji ýylyň 10-19-njy sentýabrynda Türkiýäniň Konýa şäherinde geçiriler. Bu hakda Türkiýäniň sport we ýaşlar meseleleri boýunça ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu mälim etdýär. Onuň aýtmagyna görä, bu iri sport çäresiniň ilkibaşda 2021-nji ýylyň 20-29-njy awgustynda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi. Ýöne Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmek wagtynyň özgerendigi sebäpli ýaryşlary gijikdirmeli boldy. Ministr Tokiodaky Olimpiada we Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň bir wagta gabat gelmegi sport federsiýalary we sportçylar üçin oňaýsyzlyklary ýüze çykarýandygyny belläp geçdi.

Başga-da jenap Mehmet Muharrem Kasapoglu şulary hem aýdyp geçdi. Ýagny onuň öz sözleri bilen beýan etsek, “Biz taýýarlyk işlerini gyzgyn dowam etdirýäris. Dogrusyny aýtsam, Yslam raýdaşlyk oýunlaryny beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýokary derejede geçirjekdigimize men doly ynanýaryn”.

Ýatladyp geçsek, IV Yslam raýdaşlyk oýunlary 2017-nji ýylyň maý aýynda Baku şäherinde geçirilipdi.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby