«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatyň awtomobil gatnawalaryna bolan
isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag
hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen,
täze gatnaw ugurlaryny açýar.
2020-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 3-nji «Awtokombinat — Täze zaman», 7-nji
«Teke bazar — Awtomenzil», 11-nji «Parahat 7 — Awtomenzil» ugurlary
boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň
girizilýändigini hem-de 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» täze awtobus
ugry açylýar.
— 3-nji «Awtokombinat — 3-nji dynç alyş zolagy — «Täze zaman» ugry boýunça
awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «A.Nyýazow —
Magtymguly şaýollary — A.Annaýew köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly —
Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew köçeleri» bilen hereket edip, Gurtly harby
şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç alyş zolagyna barýar we G.Kuliýew
köçesi bilen hereket edip, «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýar hem-de yzyna,
«G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly —
A.Annaýew köçesi — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — G.Kuliýew —
B.Annanow köçeleri — A.Nyýazow şaýoly» bilen hereket edip, «Awtokombinat»
belleniş nokadyna gelýär.
— 7-nji «Teke bazar — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus
«Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «M.Kaşgary — M.Kösäýew —
A.Gowşudow köçeleri — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — A.Berdiýew
köçesi — Bitarap Türkmenistan — A.Nyýazow şaýollary — Ýeňiş — 2216-njy —
Zynhary köçeleri» bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-
de yzyna, «Zynhary — 2216-njy — Ýeňiş köçeleri — A.Nyýazow — Bitarap
Türkmenistan şaýollary — A.Berdiýew köçesi — A.Nyýazow — Magtymguly
şaýollary — A.Gowşudow köçesi» bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş
nokadyna gelýär.
— 11-nji «Parahat — 7 — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus
«Parahat — 7» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «A.Garlyýew — Oguz han —
B.Annanow köçeleri — Magtymguly şaýoly — N.Andalyp — G.Kuliýew köçeleri
— A.Nyýazow şaýoly — Zynhary köçesi» bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş
zolaklaryna barýar hem-de yzyna, «Zynhary köçesi — A.Nyýazow şaýoly —
G.Kuliýew — N.Andalyp köçeleri — Magtymguly şaýoly — B.Annanow — 10
ýyl Abadançylyk — A.Garlyýew köçeleri» bilen hereket edip, «Parahat — 7»
belleniş nokadyna gelýär.
— 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» ugry boýunça awtobus «Gurtly»
belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew

köçeleri» bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç
alyş zolagyna barýar hem-de yzyna, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip,
«G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri» bilen hereket edip, «Gurtly»
belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80.