Hazar aňyrsy döwleti Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurduň içndäki
karantin çäreleriniň uzaldylandygy sebäpli, Moskwada 24-nji iýun güni geçiriljek
Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşmaz. Ol bu
hakda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan telefon arkaly
söhbetdeşliginde mälim etdi.
Bu hakynda Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentiniň metbugat gullugy
şeýle diýýär: “18-nji iýun güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Russiýanyň
Prezidenti Wladimir Putine jaň etdi. Döwlet ýolbaşçysy respublikada karantin
çäreleri uzaldylanlygy sebäpli Moskwada Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilýän harby ýörişe bilmezligini gynanmak bilen mälim etdi”.
Habarlarda aýdylmagyna görä, baýramçylyk dabarasyna Azerbaýjan
döwletiniň adyndan döwletiň goranmak ministri we 75 sany harby gullukçy
gatnaşar.
Russiýa prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskowyň žurnalistlere
aýtmagyna görä, Gyrgyzystan, Gazagystan, Moldowa, Özbegistan, Täjigistan,
Türkmenistan, Serbiýa we Horwatiýa döwletiniň resmi wekilleri bu baýramçylyk
dabarasynda gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby