Gazagystanyň ilkinji Prezidenti özüni özi ýekelikde saklaýar. Bu hakynda ýerli
neşirler habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, “Gynansak-da, Ilbaşynyň
koronowirus ýokanjyna geçirilen barlag netijeleri oňyn görkezijileri görkezdi.
Ýöne gorkara hiç zat ýok”.
Häzirki wagtda Nursultan Nazarbaýew uzak aralykdan durup işlemegini dowam
edýär. Habaryňyz bar bolsa, 14-nji iýunda Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministri
Elžan Birtanowa hem koronowirus ýokuşypdy. Häzirki wagtda ol ýokanç keseller
hassahanasynda bejergi alýar.
Soňky maglumatlara görä, Gazagystanda 15 542 koronawirus ýagdaýy hasaba
alyndy. Şolardan 9902 adam sagaldy, 97 adam bolsa aradan çykdy.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, dünýä belli syýasatçylaryň birnäçesine hem
koronowirus ýokuşypdy we olar bu keseli ýeňmegi başardylar. Olaryň arasynda
Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň
prezidentiniň kätibi Dmitriý Peskow, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris
Jonson hem bar. Häzirki wagtda olar ýokanjy üstünlikli ýeňdiler we häzirki wagtda
öz esasy işlerini ýerine ýetirmeklerini dowam etdirýärler. Şonuň ýaly-da, Ukraina
Respublikasynyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň aýalynda hem COVID-19 ýüze
çykdy.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby