Türkiýäniň gündogaryndaky Bingal welaýatynda ýüze çykan ýer titremesi
netijesinde bir adam aradan çykdy. 18 adam bolsa ýaralandy. Bu hakda Türkiýe
respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý mälim etdi.
Biraz wagt öň, ýer titreme wagtynda 1 adam aradan çykdy we 9 adam
ýaralandy diýlip maglumat berlipdi. Bu barada Fuat Oktaý žurnalistlere şeýle
beýanat berýär: “Ýer titremegi netijesinde 18 adam jebir çekdi. Olaryň arasynda
agyr ýagdaýlysy ýok”. Onuň goşmaça etmegine görä, ýer yranmasyndan soň gaty
bir uly bolmadyk 46 sany ýer yranmasy hasaba alnypdyr. Tebigy betbagtçylyk
netijesinde ýetirilen zyýany bahalandyrmak işleri dowam edýär.
Ýer yranmasynyň häsiýetnamasy bilen tanyş etsek, ol 5,7 ball derejede güýje
eýe. Türkiýe HBS-niň habarlaryna esaslansak, ýer titremesine ýerli wagt bilen
sagat 17:24 Bingal welaýatynyň Garliowa etrabynda gözegçilik edildi. Ýer
yranmalary Bingala goňşy Diýarbekir, Siirt, Erzurum welaýatlarynda hem
duýuldy. Bingal welaýatynyň gubernatori Kadyr Ekinjiniň sözlerine görä, ýer
titreme wagtynda Gaýnarpinar obasynda polisiýa bölüminiň iki sany gözegçilik
minarasy şikeslenipdir. Howpsuzlyk hyzmatçysy hem beden ýarasyny alypdyr.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby