“The Ring” žurnaly döwrümiziň iň oňat agyr agram derejesindäki
boksçylaryň sanawyny yglan etdi. Onuň ilkinji basgançagyny häzire çenli bolan
döwür içinde ýekeje hem ýaryşda ýeňilmedik britaniýaly 31 ýaşly Taýson Fýuri
eýeledi. Reýtingiň ikinji ornuny eýelemek onuň ýurtdaşy Dillian Uaýta başartdy.
Üçünji basgançagy bolsa amerikaly boksçy Deonteý Uaýlder zabt etdi.
Sanawyň güýçli onlugyna bolsa, kubaly Lui Ortis, amerikaly Endi Ruis,
russiýaly boksçy Aleksandr Powetkin, Täze Zelandiýanyň wekili Jozef Parker,
amerikaly Maýkl Hanter, kolumbiýaly Oskar Riwas we bolgariýaly Kristian Pulew
girizildi.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby