Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Gonkongyň,
Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.
«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we
polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň geleşikleriniň esasyny
düzdi.
Mundan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň
telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, dürli dokma önümlerini, bir gezek
ulanylýan gorag örtüklerini, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy
ABŞ-nyň 14 million 523 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Ermenistanyň işewürler
toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 444 müň manatlyga golaý bir gezek
ulanylýan gorag örtüklerini we nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 16 million 790 müň
manatyndan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary
dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar.