Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan
Respublikasynyň ilkinji Prezidenti -Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe hat ýollady.
Döwlet Baştutanymyz öz hatynda onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi
baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belleýär.
“Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip
geçjekdigiňize berk ynanýaryn. Durmuşyň şu agyr günlerinde Sizi
hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge
taýýardygymyzy mälim etmek isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz Nursultan
Abişiwiçe tüýs ýürekden tiz wagtda sagalmagyny, berk jan saglyk we uzak ömür
arzuw etdi.