Daşary işler ministrliginde «Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna
garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» mowzugy boýunça
nobatdaky brifing geçirildi.
Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrliginiň, beýleki ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary,
ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň
baştutanlary, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä
birnäçe döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly
wekilleri gatnaşdylar.
Bu çäräniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ýurdumyzyň çäginde täze görnüşli koronawirusyň ýüze
çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreleri beýan
edýän dördünji brifingdigini ýatlatmalydyrys. Türkmenistanda geçirilýän
utgaşykly işiň netijeliligini ýerli ilatyň arasynda СOVID-19-yň ýokuşan
halatlarynyň ýokdugy tassyklaýar.
Bellenilişi ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
edaralary, hususan-da, Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy
tarapyndan öňüni alyş we zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär, möwsümleýin
kesellere gözegçilik amala aşyrylýar. Serhet-geçiriş nokatlarynyň ählisinde
dünýä ölçeglerine laýyk gelýän zyýansyzlandyryş desgalary guruldy.
Taraplaryň ylalaşmagy boýunça şeýle terminallar goňşy ýurtlaryň çäginde hem
döredilýär.
Saglygy goraýyş edaralarynda şahsy goranyş serişdelerini ulanmak,
degişli raýatlar bilen işlenende, howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça
türgenleşik we tejribe okuwlary geçirilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň goldaw bermeginde maý-iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli
sebitleriniň epidemiologlary, reanimatologlary, ýokanç keselleri bejerýän
lukmanlary üçin okuwlar geçirildi. Ilatyň arasynda wirusly keselleriň öňüni
almak boýunça arassaçylyk-düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär, ýörite
maglumat-bilim serişdeleri işlenip taýýarlanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, diňe bir
türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, beýleki döwletleriň isleg bildirýän
raýatlarynyň ählisi — Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we
halkara agentlikleriň işgärleri üçin köpçülikleýin öňüni alyş lukmançylyk
gözegçiligi guralýar.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistanyň DIM-inde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek mowzugy boýunça brifing geçirildi
Türkmenistanyň DIM-inde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek mowzugy boýunça brifing geçirildi
