Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany,
Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-
synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz Türkmenistanda watandaşymyzyň köp ýyllaryň dowamynda dünýä
kosmonawtikasynyň ösmegine saldamly goşant goşup, ýaş nesilleri uly üstünlikleri
gazanmaga ruhlandyrýandygyny aýratyn buýsanç duýgusy bilen synlaýarys” diýip,
döwlet Baştutanymyz Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, bagtyýarlyk hem-de alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri
gazanmagyny arzuw etdi.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Türkmenistanyň Prezidenti russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
