BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Assambleýanyň 75-nji
sessiýasynyň başlygyny saýlap seçmek üçin sala-salyşyklary geçirildi. Saýlaw
ýörite formatda bolup geçdi. Her bir döwletden gelen delegatlar nikab geýip, ses
bermek üçin baş zala girip derrew ses berdiler we tizden-tiz BMG-niň binasyny
terk etdiler.
Türkiýeli diplomat we syýasatçy Wolkan Bozkir BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygy edilip saýlandy. Belläp geçsek, Baş
Assambleýanyň başlygy sebitleýin toparlaryň arasynda rotasiýa prinsipine görä
saýlanýar. 75-nji sessiýanyň başlygy Günbatar Ýewropa we başga goňşy
döwletden gelmegi gerek. Bilşiňiz ýaly bolsa, Türkiýe şonuň ýaly ýurtlardan biri.
Sebitleýin topar bir sesden türk diplomatynyň dalaşgärligini makullady.
Aslynda bolsa, başga dalaşgärleriň ýoklugy sebäpli, ses bermegiň geregi hem
ýokdy. Ýöne birnäçe döwletler, barybir saýlaw geçirmek teklibini orta atdylar.
Netijede 178 döwlet wekilleri Wolkan Bozkire ses berdiler.
Ýatladyp geçsek, birnäçe wagt mundan öň BMG-niň Baş Assambleýasynyň
hemişelik bolmadyk täze agzalary saýlanypdy.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby