Koronawirus ýokanjy häzirki wagtda ähli dünýä ýurtlaryny uly alada goýýar.
Onuň ýaýrawy her ýurtda dürlüçe dowam edýär. Wirusa garşy häzirki wagta çenli
birnäçe waksinalar döredildi. Ýöne olary synagdan geçirmek we köpçülikleýin
öndürmek üçin taýýarlyk işleri häli häzire çenli dowam etdirilýär.
Näsaglaryň sany artýar. Sagalmak üçin bolsa köp mukdarda çykdajylaryň
edilmegi talap edilýär. Ýewropa we Aziýa yklymlarynda karantin çäreleri boýunça
berk tertip-düzgünler häzirki wagtda hem dowam etmegine galýar.
Çäklendirmeleri güýçlendirilmegi bolsa özünde-özi ykdysady kynçylyklary,
maddy ýetmezçilikleri emele getirýär. Şonuň üçin bolsa köpsanly ýurtlarda
karantin çäreleri gowşadylýar.
BAE-niň Dubaý şäheri bolsa syýahatçylar üçin öz serhetlerini şu ýylyň 7-nji
iýulynda açmagy meýilleşdirýär. Bu hakynda hökümetiň resmi wekilleri özleriniň
Twitter ulgamy arkaly 21-nji iýun güni mälim etdiler.
Ýöne Dubaý şäherine syýahat etjekler üçin belli bir düzgünler giriziler. Ýagny
olar koronawirus ýokanjynyň ýoklugyny tassyklaýjy sertifikaty almaklary ýa-da
Dubaý halkara aeroportunda kesel boýunça ýörite test tabşyryp barlaglardan
geçmekleri gerek bolar. Munuň özi şähere syýahat etmegi belli bir derejede
kynlaşdyrýar. Ýöne munuň hem özüne ýetesi sebäpleri bar. Bularyň ählisi
syýahatçylaryň we şäheriň ilatynyň saglyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin
edilýär.
Ýurtda daşary ýurtlarda galyp giden raýatlary gaýtarmak boýunça rugsatnama
22 iýundan başlap beriler. Bu seneden başlap daşary ýurtlara giden we şol ýerlerde
galan BAE-niň raýatlary öz ýurduna gaýtmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby