“Al-Jazira” saýtynda Kolumbiýa uniwersitetiniň professori Hamid Dabaşiniň
dünýä belli türkmen alymy Ibn Sinanyň edebi hem ylmy mirasynyň häzirki
wagtdaky ähmiýeti baradaky makalasy çap edildi.
Makalada koronawirus pandemiýasynyň şertlerinde dünýä alymlarynyň Ibn
Sinanyň ylmy mirasyna bolan gyzyklanmalarynyň artýandygy hakynda aýdylýar.
Kolumbiýa uniwersitetiniň professorynyň öz makalasynda aýtmagyna görä,
“Karantin çäklendirmeleriniň düýp başlangyjy Lukman Hekimiň “Lukmançylyk
ylmynyň esaslary” atly eserine esaslanýar. Onda owwaly bilen ýokanjyň
ýaýrawynyň öňüni almak gerekligi hakynda bellenilýär” diýilýär.
Onuň bellemegine esaslansak, bütin dünýäde ýüze çykan koronawirus
ýokanjyny ýeňmäge we onuň öňüni almaga dana pederimiz Ýewropada Awitsena
diýlip tanalýan alym Ibn Sinanyň ylmy gazananlarynyň kömek edýändigini
görkezýär. Bu gün dünýä lukmanlary wirusa garşy göreşde döwrebap
lukmançylygyň esasyny goýan Lukman Hekim tarapyndan aýdylan müňýyllyk
maslahatlaryna öz ünslerini garadýar.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby