Saud Arabystany Patyşalygynyň Içeri işler wezirligi 23-nji martda koronawirus
pandemiýasy sebäpli komendatlyk sagadyny yglan edipdi. Indi bolsa Içeri işler
weziri bu karary ýatyrmakçy bolýandygyny habar berýär. Bu barada ýurduň Içeri
işler wezirligini beýanatynda şeýle diýilýär: “21-nji iýun irden sagat 6:00-dan
döwletiň ähli ýerlerinde komendatlyk sagadyna amal etmeklik togtadylar”.
Beýanatda aýdylmagyna görä, Patyşalykda, indiden beýläk, sanitar-
epidemiologik çärelere dogry we dürs amal edilmegi talap ediler. Hökümet
raýatlara “Jemgyýetçilik aralygyny saklamak, agyz we burny ýapyp ýörmek üçin
nikap dakmak hem-de 50-den artyk adam bilen geçýän ýygnanyşyklary
geçirmezlige” çagyrýar. Bellenilmegine görä, bu tertip-düzgüne boýun egmedikler
jezalandyrylar.
Hökümet tarapyndan daşary ýurtlara syýahata gitmek, zyýarat etmek ýaly
işlere goýulan çäklendirmeler öz güýçünde galdyrylýar. Häzire çenli mukaddes
Mekge şäherine Haj zyýaratyny amala aşyrmak üçin haçan rugsat beriljegi nämil
bolmagyna galýar.
Saud Arabystany Patyşalygy ykdysady we söwda pudaklaryna kabul eden ähli
çäklendirmelerini ýatyrýar. 21-nji iýundan başlap döwlet edaralary we hususy
kompaniýalarda işe başlamaklyga rugsat berilýär. Ýöne häli döwletiň gury ýer we
deňiz araçäkleri ýapyklygyna galar.
Patyşalyk Saglygy goraýyş weziriniň maglumatlaryna görä, Saud
Arabystanynda bir günde 4757 sany adamda koronawirus bilen bagly ýagdaý
hasaba alnypdyr. Ýurtda koronawirus bilen näsaglanlaryň sany 155 müňe
ýakynlaşýar. Häzirki wagta çenli 1,2 müň adam bolsa bu ýokanjyň gurbany boldy.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby