Hakykatdan-da, Arçman şypahanasynyň şypaly suwunyň melhemi
derde derman mineral suwlaryň iň naýbaşysy hasaplanylýar. Şonuň üçin, bu
ýer bu ýere gelýänler tarapyndan başgaça “melhemler mekany” diýlip hem
atlandyrylýar. Çünki, Arçman şypahanasy deri kesellerinden, iýmit siñdiriş,
ýürek-damar we nerw ulgamy, öt çykaryjy ýollary we daýanç hereket ediş
ulgamlarynyñ kesellerinden ejir çekýän adamlary bejermäge niýetlenilendir.
Bu şypahanada bolup, saglygymyzy dikeldýän döwrümizde biz bu ýerde
bejergi alýan ildeşlerimiziň – aýal doganlar Ogulgözel Nurberdiýewa,
Enebaý Nuryýewa, Ogulsuraý Durdyýewa dagy bilen şypahananyň
özlerinde galdyran täsiri barada söhbetdeş bolduk:
— Ogulgözel daýza, Arçman suwunyň dermanlyk aýratynlygy
barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?
— Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, Arçman şypahanasynyň
dermanlyk suwy esasy bejeriş serişdesi bolup, onuň düzüminde himiki
elementleriň 24-si kesgitlenipdir. Suwdaky kükürt wodorodynyň derejesi
ony bejeriş hem-de agyz suwlarynyň hataryna degişli etmäge mümkinçilik
berýärmiş. Arçmanyň pes aşgarly ýyly mineral suwunyň artykmaçlygy ony
içmek üçin, şeýle hem suw bilen bejermek kadalaryny geçirmek üçin ulanyp
bolýar.
Ogulgözel daýza sözüni tamamlan badyna aýal dogan daýzalara ýene-
de bir sowal bilen ýüzlendim:
— Arçman suwunyň her günde ýörite içiliş düzgüni we möçberi
barmy ýa-da içesiň gelen wagty içibermelimi? – Sowala aýal doganlaryň
arasyndan Enebaý daýza uly höwesmenlik bilen jogap berdi:
— Örän dogry we ýerine düşýän sowal berýärsiňiz. Hakykatdan-da,
Arçman suwunyň öz içiliş düzgüni we möçberi bolýar. Bu ýerdäki
lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, Arçmanyň mineral suwuny içmegiň
düzgünleri adamyň aşgazanynyň turşulygynyň derejesine bagly bolup
durýar. Ynsandaky aşgazan turşulygynyň derejesi pes bolanda nahardan 15 –
30 minut öň, kadaly bolanda nahardan 40 – 45 minut öň, ýokary bolanda
nahardan 1,5 sagat öň 200 – 250 gramdan Arçmanyň mineral suwuny içmeli.
— Arçman şypahasynda ynsan saglygyny dikeltmeklik maksady
bilen häzirki ajaýyp döwrümizde döredilen şertler Size täsir etdi? –
Sowala aýal doganlardan Ogulsuraý daýza uly buýsanç bilen jogap berdi.
— Arçman şypahanasynda dynç alýanlar üçin köp gatly binalaryň
birnäçesi bar. Bu ýerde maslahat beriş-anyklaýyş, bejeriş we suw bilen
bejermeklik üçin ähli şertler döredilen. Bu ýerde edilýän bejergiler biziň

saglygymyza diýseň oňyn täsir edýär. Şonuň üçin hem biz aýal doganlar
bolup, Arçman şypahansyna her ýyl saglygymyzy dikletmäge gelýäris.
Hakykdan-da, Arçman şypahanasy aýal doganlaryň aýdyşy ýaly, ynsan
saglygy üçin örän oňaýly ýer eken. Men muňa: “Eşiden deň bolmaz, gören
göz bilen” diýen aýtgydaky ýaly, bu ajaýyp şypahanada bolmagymyň
çäklerinde anyk-aýdyň göz ýetirdim.

Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.