Ispaniýanyň “Barselona” klubynyň öňki baş tälimçisi Luis Enrikeniň
kömekçisi Huan Karlos Unsue amýotrofik lateral skleroz ýa-da Lou Gergig keseli
bilen näsaglady. Ol “Barselona” toparynda işlän döwründe toparyň abraýyny we
futbolçylaryň ukyp-başarnygyny, futbol taýýarlygyny ýokary derejelere ýetirmegi
başarypdy. Onuň näsaglandygy hakynda bolsa toparyň resmi saýty habar ýaýratdy.
Ýöne gynansak-da, keseliň hiç hili bejergisi ýok. Ol barybir iň ahyrynda adamy
tutgaýlyga, ýüregiň işiniň birdenkä togtamagyna getirýär.
Unsue 2003-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Barselonada derwezeçileriň
tälimçisi hökmünde işledi. Ol toparyň ezber derwezeçilerini terbiýeläp ýetişdirdi.
Olara topy gapmagyň we garşydaş hüjümçileriň ünsüni sowup özüňe okdurylan
pökgini eýelemegiň inçe tilsimlerini öwretdi. Şeýle-de ol, 2014-nji ýyldan 2017-nji
ýyla çenli Kataloniýa klubynyň tälimçileriniň ştabynda işledi. Ol işlän döwründe
klubyň baş tälimçileri Frank Raýkaard, Hosep Gwardiola we Luis Enrikege öz
işlerini alyp barmaga kömek edipdi. Toparyň futbol meýdanlarynda uly
üstünliklere eýe bolmagyna, ýeňişli menzilleri külterlemegine öz mynasyp
goşandyny goşupdy.