ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurtdaky taryhy we tebigy ýadygärliklere zyýan ýetiren ýa-da olaryň şikeslenmegine sebäp bolan ähli adamy kim bolanyna garamazdan tussag etmegi we jezalandyrmagy buýurdy. Bu barada Prezident
özüniň “Twitterdäki” sahypasynda şeýle belleýär: “Men federal hökümete wandalizm bilen meşgullanýan ýa-da haýsy hem bolsa bir ýadygärlik, heýkel we başga-da ABŞ federal mülküni weýran edýän her adamy tussag etmäge rugsat
berdim”. Onuň aýtmagyna görä, buýruk derrew güýje girýär we hiç hili bagyşlamalar bolmaz. Maý aýynda Minnesota ştatynyň Minneapolis şäherinde närazylyk we tertipsizlikler 46 ýaşly afro-amerikaly Jorj Floýdyň polisiýa tarapyndan ele alnan wagtynda aradan çykandan soň başlanyp gidipdi. Bu wakadan soň ýüzlerçe şäher ilaty närazylyk bildirip, köçelere çykypdy. Munuň ýaly çykyşlar soňra döwletiň başga şäherlerine hem ýaýrady. Polisiýanyň işgärleri bilen çaknaşyklar döredi. Öýler, dükanlara ot berildi. Köp sanly döwlet we hususy mülklere maddy zeper
ýetirildi.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby