Koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň we ýaramaz täsiriniň adamlaryň durmuşyny we geosyýasy ykdysadyýete özüniň zeperini ýetirmegini dowam etdirýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna şol sanda kärhanalaryň işine hem täsir ýetirýär. Ýokanjyň anyklanylmagy hatda şol kärhananyň ýapylmagyna, işgärleriň karantina alynmagyna getirip bilýär. Pekindäki “PepsiCo China” kompaniýasyna degişli kärhanalaryň birinde hem edil şonuň ýaly boldy. Zawotda işleýän işgärleriň birinde koronawirus ýokanjy ýüze çykdy. Soňra bolsa bu ýerde önüm öndürmeklik togtadyldy. Sebäbi işgäriň kärdeşleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup olara hem wirusy ýokuşdyran bolmagy mümkin. “Reuters-iň” Pekin kesellere garşy göreşmek bölüminiň maglumatlaryna esaslanyp habar bermegine görä, häzirki wagta çenli kärhananyň 8 sany işçisinde ýüze çykypdyr. Işçiler hassahanada ýerleşdirilipdir. Kärhananyň ähli bölümleri bolsa karantin edildi.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby