Facebook kompaniýasyny esaslandyryjy Mark Sukerberg kompaniýanyň Facebook, Instagram, Twitter meýdançalaryndaky mahabatlaryň bes edilmegi sebäpli $7,21 mlrd ýitirdi, bu barada Bloomberg agentligine salgylanmak bilen kommersant.ru habar berýär. Öň Coca-Cola, Verizon we Unilever ýaly birnäçe iri kärhanalar erbet, iriziji, antisemit we şuňa meňzeş häsiýetli mazmunlara ýeterlik derejede gözegçiligiň ýokdugy sebäpli Facebook-da mahabatlary ýerleşdirmegi bes edýändiklerini habar berdiler.
Unilever kompaniýasy (mahabaty sargyt ediji uly kompaniýalaryň biri) ýylyň ahyryna çenli Facebook kompaniýasynyň ähli önümlerinde (şol sanda Instagramda) mahabatlary ýerleşdirmäge pul çykdajy etmejekdigini habar bereninden soň, kompaniýanyň paýnamalary 8,32% pese gaçdy. Unilever-iň mahabatlary Twitterde hem ýerleşdirilmez. Paýnamanyň bahasynyň pese gaçmagy sebäpli kompaniýanyň bazar bahasy $56 mlrd pese düşdi. Bloomberg Billionaries Index milliarderleriň reýtingine laýyklykda, Mark Sukerbergiň baýlygy $7,21 mlrd kemeldi we indi ol $82,3 milliarda barabar. Şunuň bilen baglylykda telekeçi liderleriň üçlüginden çykdy, Louis Vuitton Moet Hennessy toparynyň baş müdiri Bernar Arno ($88 mlrd) bolsa öňe geçdi. Birinji orunda Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos ($161 mlrd), ikinji orunda Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts ($111 mlrd) ýerleşdi.
Ilkibaşda Facebook kompaniýasyna garşy Stop Hate for Profit atly kampaniýany hukuk goraýjy guramalar işe girizýärler. Olar köp ýyl bäri Facebook bilen mazmunlara gözegçilik etmek meselesi babatda gepleşmekçi bolandyklaryny, ýöne hiç hili başa barmandygyny aýtdylar. Kampaniýany başlamak baradaky çözgüt garaýagyz amerikan Jorj Floýduň ölüminden soň kabul edildi.