Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen «Milli VISA karty» atly täze bank kartyny ulanyşa girizmek boýunça degişli işler geçirýär. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer G.Müşşikow munuň ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu toplumyň durnukly işlemeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine sazlaşykly goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunda bank önümlerini halkara derejä çykarmak arkaly olaryň sanyny artdyrmak, ugurdaş edaralaryň işine öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Milli VISA kartyň» täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.