Ispaniýanyň “Real Madrid” futbol kluby Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna garşy Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygyny bitarap meýdanda geçirmek isleýär.
“The Atletic” neşiriniň ýazmagyna görä, Ispaniýa klubynyň epidomologik ýagdaýy agyr bolanlygy sebäpli Angliýada oýnamagy islemeýär. Galyberse-de, döwletde ähli daşary ýurtlardan gelýänler üçin 14 gün karantin yglan edilendir.
Şol sebäpli hem duşuşyklary Lissabon şäherinde geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Bu toparlar arasyndaky birinji duşuşyklar Madridde bolup geçen we onda 1:2 hasabynda iňlis kluby ýeňiş gazanypdyr. “Real Madrid” we “Mançester Siti” arasyndaky jogap oýny 7-nji awgust güni geçirmegi meýilnamalaşdyrylýar.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby