Koronawirus sebäpli şu ýylyň martynda ýatyrylan Ženewa halkara
awtosalony 2021-nji ýylda hem geçirilmez. Bu barada Ženewada onuň
guramaçysy “Halkara awtomobil salony” fondy habar berdi, bu barada
TACC belleýär. Şeýle ädim gatnaşyjylaryň köpüsiniň mümkinçilikleriniň we
meýilnamalarynyň ýokdugy bilen delillendirilýär.
“Fond 2021-nji ýylyň salonyny gurnamaz” – diýlip, habarnamada
aýdylýar. Awtomobil bölümi “häzirki wagtda kyn tapgyry geçýär, şonuň üçin
sergä gatnaşyjylara pandemiýanyň täsirinden dikelmek üçin wagt gerek” –
diýip, guramaçylar mundan başga-da, “häzirki ýagdaýyň saglygy goraýyş
gurşawynda 600 müň gatnaşyjyny we 10 müň žurnalisti özüne çekýän bu
çäräni geljek ýazda gurnamaga mümkinçilik berjekdigine ynamyň
ýokdugyny” aýtmak bilen belleýärler.
Şunuň bilen baglylykda, fond Ženewanyň kantonynyň häkimleriniň oňa
hödürlemäge taýýar bolan 16,8 mln frank (1 frank, takmynan, $1,05-e deň)
möçberindäki karzy almakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Habar berlişine
görä, 2020-nji ýylda serginiň ýatyrylmagy bilen baglylykda çekilen zyýan,
dürli hasaplamalar boýunça, 11 mln franka barabar boldy.
Serginiň fond edarasy Ženewa awtosalonyny geçirmek hukugyny satmak
kararyna geldi. Awtosalonyň satuwyny guramaçylar her ýylda özüniň täze
önümlerini hödürleýän çärä gatnaşyjylaryň köpüsiniň 2021-nji ýyldaky
sergä gatnaşman, bu wakany 2022-nji ýyla goýmagy makul
hasaplaýandyklary barada habar bermegi bilen düşündirýärler. Awtomobil
şounyň bolmagy mümkin bolan alyjysy Palexpo SA kompaniýasy.
Hemişeki hemaýatkärleriň we öndürijileriň gatnaşmagyndan ýüz
öwürmeklik ýitginiň we karzyň bahasynyň birnäçe esse ýokarlanýandygyny
görkezýär. Salonyň satylmagy ähli bergileri ýapmaga mümkinçilik berer.
Salonyň deslapky bahasy atlandyrylanok. Ol hyzmatdaşlaryň arasynda
şertnama baglaşylyp, ylalaşyk gazanylandan soň belli bolar.
Ženewa awtosalony 2021-nji ýylda geçirilmez we ol satylar
