Groningen ýarym goragçy Arýen Robbeniň karýerasyna täzeden başlandygyny we
täze möwsümden ak-ýaşyl reňkde oýnajakdygyny habar berdi.
“Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan krizisi ýeňip geçmek üçin klub
kömege mätäç. Kluba​ nädip ýardam edip biljekdigim hakda köp pikir etdim. Soňky
birnäçe hepdäniň içinde Groningeniň wekilleri bilen köp duşuşyklar geçirdim.
Indi men futbolçy statusynda kluba dolanmak isleýärin. Ýolbaşçylaryň ynamyny
aklap bilerinmi – ony bilemok. Ýöne meniň arzuwym ýene Groningen
futbolkasyny oýnamak" – diýýär meşhur futbolçy.
Robben 2000-2002-nji ýyllar aralygynda Groningende oýnapdy. Klubda 46 oýunda
8 pökgi geçirip, PSV-ä transfer bolupdy. Soňra ýarym goragçy Çelsiniň, Real
Madridiň we Bawariýanyň eşiklerinde çykyş etdi. Gollandiýaly futbolçy
Angliýanyň, Ispaniýanyň we Germaniýanyň çempiony boldy, şeýle hem
Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.
2019-njy ýylyň iýul aýynda Robben sport karýerasynyň tamamlanandygyny habar
beripdi, ýöne, ynha, bir ýyldan soň ony ýene dowam etdirmek kararyna geldi.