Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin
mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bahargül Abdyýewany başga
işe geçmegi sebäpli medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy
boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Bu wezipä Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Mährijemal
Mämmedowa bellenildi.
Türkmen Lideri täze wise-premýere medeniýet, ýerli habar beriş
serişdeleriniň işinde maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar
ulgamynyň material-tehniki mümkinçiliklerini doly herekete girizmegi, şeýle hem
bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Mährijemal Mämmedowa medeniýet we KHBS boýunça wise-premýer bellenildi
