Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasiýa ýoly bilen ösdürilip, ýokary
tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurduň eksport kuwwatynyň
barha ýokarlanýan döwründe ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlarymyzyň
daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam bermek
hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň
daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin
Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady
bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň sergileri, ýygnaklary we maslahatlary guramak işini
kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasy hem-de ony amala
aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.